Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň ilçisi Türkmenistan barada gürrüň berdi

15:3319.07.2024
0
13950

Türkmenistan baý medeniýete, özboluşly binagärlige we halkara hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçiliklere eýe batly depginler bilen ösýän ýurt hökmünde tanalýar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin «Sputnik» radioýaýlymynyň «Persona grata» gepleşiginde gürrüň berdi.

Diplomat gepleşikde Türkmenistanyň dürli ugurlarda örän çalt depginde ösüşi baradaky şahsy pikirlerini paýlaşdy.

Aşgabatdaky diplomatik durmuş

Iwan Wolynkin Türkmenistandaky diplomatik durmuşy baý we gyzykly diýip häsiýetlendirdi.

«Diplomatik gullugyň çagyrylmagy talap edilýän köp sanly çäreler bar» diýip, ilçi belledi.

Ilçi şeýle çäreleriň hatarynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda her ýyl geçirilýän Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýörişi aýratyn hyjuw bilen ýatlady.

Ýaşaýyş-durmuş şertleri we howpsuzlyk

Rus diplomaty Türkmenistandaky ýaşaýyş-durmuş şertlerine ýokary baha berdi.

«Ýaşaýyş jaý şertleri gowy, azyk we senagat önümleri bilen üpjünçilik iň ýokary derejede» diýip, ilçi belledi.

Wolynkin ýurtda howpsuzlygyň ýokary derejesini aýratyn belläp: «Günüň islendik mahaly Aşgabatda arkaýyn gezelenç edip bilersiňiz» diýdi.

Daşary syýasat we bitaraplyk

Ilçi Türkmenistanyň daşary syýasaty barada durup geçip, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýan ýurduň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň möhümdigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Russiýa we beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklary işjeň ösdürýändigi bellenildi.

«Türkmenistan strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin halkara we sebitara gatnaşyklara açykdyr» diýip, Wolynkin belledi.

Medeni köpdürlülik

Ilçi Türkmenistanyň köpmilletli häsiýetini belläp, iri rus, ermeni we azerbaýjan diasporalarynyň bardygyny aýtdy.

«Diasporalaryň hemmesi agzybirlikde asuda ýaşaýarlar. Bu ýerde halkara aragatnaşygyň dili rus dili hasaplanýar» diýip, ol belledi

Infrastrukturanyň ösüşi

Wolynkin ýurduň infrastrukturasynyň ösüşi barada haýran galmak bilen gürrüň berdi. Hususan-da, Aşgabat şäherine aýratyn üns berip, ony özboluşly binagärligi bolan «ajaýyp ak mermer şäher» hökmünde häsiýetlendirdi. Şeýle-de ilçi ösen tehnologiýalary ulanmak arkaly gurlan täze «akylly şäher» Arkadag şäheri barada hem gürrüň berdi.

Syýahatçylyk we gözel ýerler

Diplomat Mary welaýatyndaky Gadymy Merw ýadygärlikleriniň, Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň örän ajaýypdygyny aýratyn nygtap, ýurda syýahat eden mahaly özünde galan täsirleri paýlaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň