Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Brýussele amala aşyran sapary halkara neşiriň üns merkezinde

12:4619.07.2024
0
14306

«Diplomatic World» žurnalynyň ýolbaşçysy Barbara Ditrih Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasyna neşiriň 74-nji sanyny sowgat berdi. Žurnalyň täze sanynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Ýewropa Bileleşigine hem-de Benilýuks halkara parlamentara guramasyna agza ýurtlar bilen gatnaşyklaryna degişli möhüm wakalary şöhlelendirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Žurnalyň esasy makalalaryndan biri şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Brýussele amala aşyran saparyna bagyşlanýar. Ozal habar berşimiz ýaly, şol saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ÝB-niň we Belgiýanyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirip, olarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça pikir alşylypdy.

«Diplomatic World» neşiriniň täze sanynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň gatnaşmagynda Brýusselde 150 töweregi Ýewropa kompaniýasynyň, gözleg institutlarynyň we dürli maliýe guramalarynyň wekillerini ýygnan tegelek stola hem aýratyn orun berlipdir. Bellenilişi ýaly, bu çäräniň dowamynda Ýewropa kompaniýalary bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, žurnalyň täze sanynda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi S.Pälwanow bilen guralan söhbetdeşlik hem çap edilipdir.

Ilçi söhbetdeşlikde Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi, öz ýurdunyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, gündogaryň beýik akyldary, şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýolbaşçylyk edýän ilçihanasynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berýär.

«Diplomatic World» — dünýä syýasaty, diplomatiýa, işewürlik, maliýe, sungat we medeniýet ýaly ugurlardaky materiallary özünde jemleýän, elektron we çap görnüşinde üç aýdan bir gezek neşir edilýän, ýokary derejeli okyjylara niýetlenen halkara žurnaldyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň