Türkiýäniň Bolu şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýan «Merw» futbol toparynyň bu ýerde geçirjek ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisi tassyklanyldy. Bu barada «Janköýer» sport neşiri habar berdi.
Resmi taýdan tassyklanan duşuşyklaryň ilkinjisi 22-nji iýulda geçiriler. Şol gün «Merw» Demirgazyk Makedoniýanyň «Şkupi» topary bilen duşuşar. Muny «Şkupi» futbol klubynyň resmi Instagram (fcshkupi1927) sahypasyndaky habary hem tassyklaýar. «Şkupi» geçen möwsümde Demirgazyk Makedoniýanyň çempionatynyň Ýokary ligasynda üçünji orny eýeledi.
Şeýle hem «Merw» 24-nji iýulda Türkiýäniň çempionatynyň geçen möwsüminde Superligada çykyş eden Stambul şäheriniň «Pendikspor» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Superligadaky pes netijeleri bilen täze möwsümde Birinji ligada ýaryşjak «Pendikspor» düzümine täze goşan futbolçylary bilen ozalkysyndan güýçlendi. «Merwiň» ýoldaşlyk duşuşyklary üçin şeýle güýçli garşydaşlar bilen gepleşikleri geçirmegi türkmen toparynyň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirer.