Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna hat ýollady

22:1818.07.2024
0
10581

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk haty gelip gowuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, BMG-niň Baş sekretary iberen hatynda döwlet Baştutanyna ýüzlenmek bilen, şeýle belleýär:

– Siziň Alyhezretiňiz! Aşgabada bolan saparym mahalynda maňa we meniň wekiliýetime bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň bitaraplyga ygrarlylygyna mynasyp baha berilýär, men hem Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge, howanyň üýtgemegi hem-de parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak bilen bagly meseleleri çözmäge hut özüňiziň gatnaşýandygyňyza we liderlik edýändigiňize ýokary baha berýärin.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini ýerleşdirmekde Türkmenistanyň orny aýratyn möhümdir we sebit durnuklylygyna ýardam bermekde, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dialogy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigini görkezýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýurt topary bilen ajaýyp hyzmatdaşlygyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! Birleşen Milletler Guramasynyň düzümi üçin goşmaça binany bölüp bermegiňiz biziň berk hyzmatdaşlygymyzyň ýene-de bir aýdyň görkezijisidir.

Saparym mahalynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny almak hormatyna mynasyp boldum. Bu abraýly sylag biziň çuňňur gatnaşyklarymyzy we gymmatlyklarymyzy alamatlandyrýar. Ol meni mundan beýläk-de Magtymguly Pyragynyň adamlaryň we tebigatyň sazlaşygy baradaky ýörelgelerine ymtylmaga ruhlandyrýar.

Men biziň hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýärin we bilelikdäki tagallalarymyzyň mundan beýläk-de berkemegine umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hem hoşallyk hatyny ýollady. Hatda şeýle diýilýär:

– Siziň Alyhezretiňiz! Ýakynda ýurduňyza amala aşyran saparymyň dowamynda maňa we meniň ýanymdaky wekiliýete bildirilen myhmansöýerlik üçin Size hem-de Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Türkmenistanyň parahatçylyk, ynanyşmak we diplomatiýa medeniýetini ilerletmek boýunça başlangyçlary ýokary baha mynasypdyr. Şeýle hem men Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda ulag we energetika aragatnaşygyny giňeltmek, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsilerine garşy göreşmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda tekliplerini goldaýaryn. Türkmenistanyň parnik gazlarynyň, şol sanda metanyň atmosfera zyňyndylaryny ep-esli azaltmagy maksat edinýändigi hem aýratyn üns bermäge mynasypdyr.

Jemgyýetçilik binýadynda durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek arkaly Türkmenistanda durmuş goraglylygy ulgamynyň kämilleşdirilmegine Birleşen Milletler Guramasynyň goşýan goşandyna Siziň Alyhezretiňiziň ýokary baha bermegiňiz mende uly täsir galdyrdy. Men Türkmenistanyň Hökümetini bu maksatnamany giňeltmek mümkinçiligine garamaga çagyrýaryn.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine we BMG-niň ýurt boýunça toparyna hemişe berýän goldawyňyz we hyzmatdaşlyk edýändigiňiz üçin Size hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň! Guramanyň wekilhanasyna Aşgabatda goşmaça binanyň berilmegi üçin çuňňur hoşallygymy bildirýärin. Bu binanyň açylyş dabarasyna Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileriniň gatnaşmagy meni örän guwandyrdy.

Aşgabada saparymyň dowamynda mähirli kabul edilendigim üçin ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygymy beýan etmäge rugasat ediň! Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna we pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn hem-de sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek Geljegiň sammitinde Türkmenistanyň möhüm orun eýelejekdigine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň