Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

HPG 2024-nji ýyl üçin dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi barada çaklamany çap etdi

16:5118.07.2024
0
9197
HPG 2024-nji ýyl üçin dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi barada çaklamany çap etdi
Surat: daryo.uz

Halkara Pul Gaznasy (HPG) 2024-nji ýyl üçin dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi barada täze çaklamasyny çap etdi. Onda ählumumy derejede ösüş 2024-nji ýylda 3,2 göterim, 2025-nji ýylda 3,3 göterim bolar diýlip hasaplanýar. Bu şu ýylyň aprelinde çap edilen öňki çaklama gabat gelýär. Emma bu görkezijileriň içinde sebitler we ýurtlar boýunça tapawutlar bar diýlip, «Daryo.uz» ýazýar.

Mysal üçin, çaklamada Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary boýunça ösüşiň az derejede bolsa-da ýokarlanjakdygy aýdylýar.

HPG Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady ösüşiň geljegi barada oňyn çaklamalary ýerleşdiripdir.

Çaklamalara laýyklykda, Aziýanyň ösýän ýurtlary Ýewropa ýurtlary bilen deňeşdirilende, has tapawutly ösüş görkezýärler. Ýagny Aziýada 2024-nji ýylda ösüş 5,4 we 2025-nji ýylda 5,1 göterim derejede, Ýewropanyň ösýän ýurtlarynda degişlilikde, 3,2 we 2,6 göterim bolar. Bu ykdysady işjeňlik we sarp ediş babatda tapawutlar bilen baglydyr.

Dünýäde häzir maliýe şertleri amatly bolmagynda galýar diýlip, çaklamada bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň