Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BSGG täze ýokanjyň döremek howpy barada duýdurdy

11:2218.07.2024
0
7960
BSGG täze ýokanjyň döremek howpy barada duýdurdy
Surat: gazeta.ru

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus dünýäde islendik pursatda möwjäp bilen täze ýokanç hakynda duýdurdy. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Ýokançlaryň öňüni almak boýunça ylalaşygyň üstünde iş alyp barýan Hökümetara gepleşik edarasynyň 16-17-nji iýulda Ženewada geçen ýygnagynda çykyş eden Gebreýesus indiki pandemiýanyň islendik pursatda döräp biljekdigini aýtdy. Baş direktor ýokançlaryň öňüni almak boýunça ylalaşygy «nesilleriň ylalaşygy» hökmünde häsiýetlendirip, edaranyň ony taýýarlamak ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi. Ol bu mesele babatda golaý wagtda ylalaşygyň gazanyljakdygyna umyt bildirdi.

Gebreýesus ähli ýurtlary guş dümewine gözegçiligi güýçlendirmäge çagyrdy, bu kesel ýokuşanlar Kambojada we ABŞ-da hasaba alyndy.

BSGG-niň maglumatlaryna laýyklykda, häzir bütin dünýäde her hepdede COVID-19 ýokanjyndan ortaça 1,7 müň adam gurban bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň