Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly futbolçylar «AFL Kids Cup — 2024» halkara ýaryşynda üç medala mynasyp boldular

10:3718.07.2024
0
11851

Ýaşajyk türkmen futbolçylary Daşkent şäherinde geçirilen «AFL Kids Cup — 2024» atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, iki altyn, bir bürünç medala mynasyp boldular. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýaryşda altyn medallary «Batly» we «Gökje» futbol toparlary gazandy. Bu toparlaryň birinjisi 2012-nji ýylda doglan we şondan hem kiçi ýaşly okuwçylardan, ikinjisi bolsa 2014-nji ýylda doglan hem-de şondan kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryndan ybaratdyr. 2009-njy ýylda doglan ýetginjeklerden düzülen «Çandybil» futbol topary bolsa kümüş medal bilen ýaryşyň hormat münberine çykmagy başardy.

Soňky ýyllarda geçirilmegi däbe öwrülen «AFL Kids Cup» ýaryşy çagalaryň arasynda futboly wagyz etmekde we geljekki ýyldyzlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Ýaryşy guraýjylardyr dürli ýurtlardan gelen futbol jemgyýetçiliginiň wekilleri türkmenistanly toparlaryň başarnygyna ýokary baha berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň