Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» futbol toparynyň kapitany Şahriýar Aliýew «Azerisport» neşirine beren interwýusynda türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň aýratynlyklaryna ünsi çekdi.
― Her bir tälimçiniň öz uslyby bar. Gurban Berdiýew her türgenleşikden soň seljerme berýär, düşünmediklerimizi düşündirýär. Düşünmesek, sorag bermegimizi isleýär. Gaýtalap-gaýtalap düşündirýär. Biz her gün ýygnak geçirýäris diýip bileris. Tälimçimiz her bir futbolçy bilen aýratynlykda hem gürleşýär. Biziň pikirimizçe, onuň diýýän oýnuny orat goýup bilsek gerek ― diýip, ol söhbetdeşlikde aýtdy.
Towuz şäherine wekilçilik edýän toparyň ilkinji ýoldaşlyk duşuşyklarynda uly hasaplar bilen ýeňiş gazanandygyny ýatladýarys.