Soňky habarlar

Arhiw

"Real Madrid" Mbappeni resmi taýdan tanyşdyrdy

17:2816.07.2024
0
8460

"Real Madrid" Kilian Mbappeni topara täze futbolçy hökmünde resmi taýdan tanyşdyrdy. "Real Madridiň" resmi internet sahypasyndaky maglumata görä, 16-njy iýulda fransuz hüjümçisi klub bilen 5 ýyllyk resmi şertnama baglaşdy.

Tanyşdyryş dabarasy 80 müň janköýerleriň gatnaşmagynda, meşhur bolan Santiago Bernabeu stadionynda geçirildi. Mbappeniň "Madridiň" lybasynda meýdança gelmegini uly alkyş bilen garşyladylar.

Mbappe : Hemmäňiziň günüňiz haýyrly bolsun! Men siziň bilen ispança gürleşmäge synanyşaryn. Wah, bu ýer nähili ajaýyp. Ynanyp bolmajak zat. Köp ýyllap "Real Madridde" oýnamagy arzuw edip uklap galýardym. Bu gün şol arzuwym hasyl boldy, men bagtly çaga. "Real" dünýädäki iň gowy klub- diýdi.

Ýeri gelende ýatlasak, Mbappe 2023-nji ýylyň 10-nji maýynda 24-nji möwsüminiň ahyrynda PSŽ-den gitmek niýetini resmi taýdan yglan edipdi. Şertnamasynyň 2024-nji ýylyň 30-njy iýunynda gutarmagy bilen hüjümçi erkin agent hökmünde fransuz klubyndan çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň