Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysynyň Pariž ― 2024-däki düzümi belli boldy

16:5916.07.2024
0
9064

Pariž şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna bary-ýogy birnäçe gün galdy. Bu gün sizi Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik etjek dzýudoçylar bilen tanyşdyrmagy maksat edindik. Olar 20 ýaşly Serdar Rahymow bilen 19 ýaşly Maýsa Pardaýewadyr.

Iki türgen hem sport ýoluna Lebap welaýatynda gadam goýdy. Serdar ilkinji türgenleşiklerini Hojambaz etrabynda Baýram Şerabowyň ýolbaşçylygynda geçen bolsa, Maýsa dzýudonyň Köýtendag mekdebiniň uçurymy. Onuň ilkinji tälimçisine Jora Mätnazarow diýýärler.

Bu türgenleriň ikisiniň hem sport ýolunyň ýeňişlere we medallara baýdygyny aýratyn nygtamak gerek. Serdar şu ýylyň maý aýynda «Uly tuwulga» tapgyrlarynda altyn medal gazanan ilkinji türkmenistanly türgen bolmagy başarypdy. Şol aýda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen ýaryşda ol 66 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp, altyn medala çenli bäş ýeňiş gazandy.

Serdar Rahymow şu ýyl Rigada geçirilen Ýewropanyň kubogy ugrundaky açyk ýaryşda we Warşawada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medallaryň ikisine mynasyp boldy. Şu ýaryşlaryň ikinjisinde Maýsa pardaýewa bolsa zenanlaryň arasynda 57 kilograma çenli agram derejesinde altyn medala mynasyp bolupdy.

Serdar Rahymowa «Uly tuwulgalardaky» ilkinji altyn medaly getiren Duşenbedäki ýaryşda Maýsa Pardaýewa öz agram derejesinde ilkinji bäşlige girip, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin nobatdaky utuklary toplap bilipdi. Şeýle hem Maýsanyň geçen ýyl Hytaýda geçirilen Tomusky Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazanandygyny aýtmak gerek. Şeýle hem ol şol ýylda Daşkent şäherinde (Özbegistan) geçirilen Aziýanyň kubogynda iň güýçli ýaş türgenleriň hataryna giripdi.

Türkmen dzýudoçylarynyň soňky halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri ýaponiýaly tälimçi Kazuhiko Tokunonyň baý tejribä daýanýan türgenleşikleri bilen baglydyr. Gara guşagyň ýedinji danynyň eýesi bolan tälimçi Türkmenistanyň dzýudo boýunça erkekler we zenanlar ýygyndysyna geçen ýylyň aprel aýyndan bäri tälim berip gelýär. Ol 1995-nji ýylda Aziýanyň çempionatynda we 1998-nji ýylda Aziýa oýunlarynda gazanan altyn medallaryndan daşary hem 1999-njy ýyldaky dünýä çempionatynda kümüş, 2001-nji ýyldaky dnüýä çempionatynda bolsa bürünç medal eýeläpdi. Olar uzak ýyllaryň dowamynda Ýaponiýanyň dürli ýaş derejelerindäki zenanlar ýygyndylaryna tälim berip geldi. 2011-nji ýylda bolsa Halkara Dzýudo federasiýasy ony «Ýylyň iň gowy tälimçisi» diýip yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň