Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sautgeýt Angliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçiliginden gitdi

16:4316.07.2024
0
13949

Garet Sautgeýt Angliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçiliginden gitdi. Bu barada Angliýanyň Futbol assosiasiýasy habar berdi.

53 ýaşly hünärmen 2016-njy ýyldan bäri Angliýanyň milli ýygyndysyny türgenleşdirip gelýärdi. Iňlisler onuň golastynda iki gezek Ýewropa çempionatynyň finalyna çykdylar, 2018-nji ýyldaky Dünýä çempionatyny ýarym finalda, 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatyny bolsa çärýek finalda terk etdiler.

Sautgeýtiň Angliýanyň milli ýygyndynysyň halypasy hökmündäki soňky oýny Ýewro-2024-iň finaly boldy. Aýgytlaýjy oýunda Angliýa Ispaniýadan 2:1 hasabynda asgyn geldi.

Ýeri gelende bellesek, Garet Sautgeýt Angliýanyň milli ýygyndysyny 102 oýunda baş tälimçi hökmünde meýdança alyp çykdy.

Iňlis neşirleriniň ýazmagyna görä, Angliýanyň milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi bolmaga esasy dalaşgär «Çelsi» we «Braýton» klublarynyň ozalky halypasy Grem Potterdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň