Dünýäde çagalara sanjym etmegiň derejesi heniz hem koronawirus pandemiýasyndan öňki 2019-njy ýyldaky derejesine ýetenok diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) habar berdi. Bu barada «RIA Nowosti» ýazýar.
Guramanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen beýanatda 2023-nji ýylda çagalara sanjym etmegiň ählumumy derejede haýallandygy, netijede, 2019-njy ýyldaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, 2,7 million çaganyň sanjym almandygy ýa-da doly sanjym edilmändigi bellenýär.
Täjihoraza, bürmek keseline hem-de gökbogma garşy sanjym alan çagalaryň sany 2023-nji ýylda 84 göterim derejede (108 million) saklandy. Şunda 14,5 million çaga geçen ýylda sanalan kesellere garşy hiç hili sanjym almady diýlip, habarda nygtalýar.
Guramanyň maglumatlaryna görä, täze doglan bäbekleriň dörtden üç bölegi soňky bäş ýylda gyzamyk keseliniň ýaýramagynyň hasaba alnan ýurtlarynda ýaşaýar. Bu keseliň ýokanjy 103 ýurtda hasaba alyndy.