Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen toparlarynyň ikisi «Ýüpek ýoly ― 2024» halkara rallisinde öňdäki orunlara eýe boldular

10:1016.07.2024
0
12727

14-nji gezek geçirilen «Ýüpek ýoly» halkara awtoralli ýaryşy Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde pellehana ýetdi. 13 döwletden 100-e golaýyň toparyň gatnaşmagynda 11 günläp geçirilen ýaryşda oňa gatnaşyjylar 5 müň 243 kilometr menzili külterlediler. Ýoluň Altaý daglarynyň we Gobi çölüniň çylşyrymly ýollaryndan hem geçendigini aýratyn nygtamak gerek.

Her bir güni gyzykly pursatlardyr garaşylmadyk netijelere baý bolan ýaryşyň T2 görnüşinde (ýolsuz ýerden ýöreýän ýeňil ulaglaryň ýaryşy) ýurdumyzyň toparlarynyň ikisi baýrakly orunlara mynasyp boldular. Doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewleriň görkezen umumy netijesi kümüş medal üçin ýeterlik bolan bolsa, Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdan ybarat topar bürünç medalyň eýesi boldy. Ildeşlerimizden Meýlis Abdullaýew bilen Italmaz Çaryýewden ybarat toparyň hem ilkinji bäşlige girendigini aýtmak gerek. Ýaryşyň bu görnüşinde hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna bolsa russiýaly Andreý Suşenowdan we Aleksandr Şanowdan ybarat topar çykdy.

Türkmenistanly toparlaryň ýaryşyň tapgyrlarynyň birnäçesinde we onuň çäklerinde geçirilen Russiýanyň çempionatynda öňdäki orunlary eýeländigini aýratyn nygtamak gerek. Bu bolsa türkmenistanly ralliçileriň barha tejribe toplap, halkara giňişlikde iň güýçli garşydaşlara öwrülýändigini görkezýär.

«Ýüpek ýoly» rallisine 2009-njy ýylda badalga berlendigini hem nygtamak gerek. Geçen ýyllaryň dowamynda eýýäm 14-njisi tamamlanan halkara ýaryşyň ilkinji pellehanasy Aşgabat şäheri bolupdy. Şu gezekki ýaryş bolsa Russiýanyň we Mongoliýanyň çäklerinden geçdi. Has takygy, Tomsk şäherinde başlan ýaryş Ulan-Batorda tamamlandy. Şu ýyl bu taslamanyň özüniň 15 ýyllygyny baýram edýändigini hem ýatlamak ýakymly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň