Soňky habarlar

Arhiw

«KAMAZ-master» «Ýüpek ýoly» rallisniň çempiony boldy

12:1715.07.2024
0
11757

Russiýanyň Dmitriý Sotnikowyň ýolbaşçylygyndaky «KAMAZ-master» topary «Ýüpek ýolly» ralli-reýdiniň 2024-nji ýyldaky çempiony boldy. Bu barada TASS ýazýar.

Ýaryş 15-nji iýul güni Ulan-Bator şäherinde tamamlandy. Onuň jemleýji ― 11-nji tapgyry 323,51 kilometr aralykdan ybarat boldy. Şeýlelikde, ähli tapgyrlaryň jemi boýunça Dmitriý Sotnikow birinji orny eýeledi. Ýaryşda ikinji orna onuň topardaşy Eduard Nikolaýew, üçünji orna bolsa MAZ toparyndan Sergeý Wýazowiç mynasyp boldy.

Sotnikow bu ýaryşda 2013, 2017, 2021 we 2022-nji ýyllarda hem çempion bolupdy.

«Ýüpek ýoly» ralliis 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. 11 tapgyrdan ybarat bolan ýaryşa şu ýyl 5-nji iýulda badalga berildi. Gatnaşyjylar 5 müň kilometrden gowrak ýoly geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň