Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-saz wideosynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Belgiýaly suratkeş Toni tarapyndan ýerine ýetirilen, Türkmenistan baradaky rep aýdymynyň wideosy Brýusseliň meşhur ýerlerinde we ilçihananyň özünde surata düşürildi.
Çärä Ýewropa habar beriş serişdeleriniň, ÝB-niň institutlarynyň, analitik merkezleriň we diplomatik edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen ilçisi Sapar Palwanow Magtymguly Pyragynyň eserleriniň türkmen medeniýeti we dünýä edebiýaty üçin ähmiýetini nygtady we onuň bir goşgusyndan mysal getirdi. Ilçi şeýle-de Toniniň diplomatik wekilhananyň kömegi bilen Magtymgulynyň goşgularyna esaslanýan aýdym döretmek meýilnamasyny hem yglan etdi.
Çärede Merkezi Aziýanyň ekologiýasy we taryhy boýunça garaşsyz gözlegçi Daria Soýsal hem çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem dünýä üçin-de ähmiýetli döredijiligine, belent abraýyna ünsi çekdi. Ol Magtymgulynyň eserleriniň adamyň ahlak terbiýesine, dostluga, parahatçylyga we öz-özüňi kämilleşdirmäge bagyşlanandygyny belläp geçdi. Daria Soýsal şahyryň öz-özüňi kämilleşdirmäge çagyrýan we başgalar üçin görelde bolup durýan «Magtymguly, owal özüň düzetgil, Özüňi sen özgelere göz etgil!» ýaly setirlerini mysal getirdi.
Wideoýazgynyň görkezilişi tamamlanansoň, myhmanlara türkmen aşhanasynyň tagamlary hödürlendi. Bu ýerde Toni türkmen milli lybasyny geýip, aýdymy janly sesde ýerine ýetirdi.
Ilçihananyň diplomaty Maral Rahimowa tarapyndan ýazylan aýdymyň sözleri Türkmenistanyň medeni mirasyny, tebigy gözelligini we türkmen halkynyň belent ruhuny wasp edýär. Onda ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen taryhy şäherler, meşhur türkmen halylary, Garagum çöli we Hazar deňzi agzalýar.
Wideoýazgyny şu baglanyşykdan görüp bilersiňiz.