Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

13-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:3813.07.2024
0
11978

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň mejlisinde ýolbaşçylary wezipä belledi, Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary 10% ýokarlanar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýolbaşçylary wezipä belledi we wezipeden boşatdy. Döwlet Baştutany ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça wise-premýer Nurmuhammet Amannepesowy başga has jogapkärli işe geçmegi sebäpli bu wezipeden boşatdy. Indi bu wezipäni ozal bilim ministri bolup işlän Baýramgül Orazdurdyýewa eýelär.

2. Bilim ministri wezipesine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesinde işlän Jumamyrat Gurbangeldiýew bellenildi.Bu ýokary okuw mekdebine indi okuw işleri boýunça prorektor Gülşat Ýusupowa ýolbaşçylyk eder.

3. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli Resul Rejepowy Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Nurmuhammet Orazgeldiýew bellenildi.

4. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy hem üýtgedildi, bu wezipä «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinde işlän Meýlis Rejepow bellenildi. Döwlet komitetiniň ozalky başlygy Arslan Aşyrow saglyk ýagdaýy sebäpli bu wezipeden boşadyldy.

5. Türkmenistanyň gallaçylary 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý etdiler.

6. Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak bellenildi.

Dünýäde

7. Howanyň üýtgemegine garşy göreşde adamzat alternatiw çeşmeleriň peýdasyna adaty ýaglardan ýüz öwürmeli bolup biler. San-Hoseden «Savor» startapy howadan ýag öndürýän täze tehnologiýany hödürledi. Bu taslama meşhur haýyr-sahawatçy Bill Geýts köp mukdarda maýa goýdy. Bu konsepsiýa termohimiki gaýtadan işlemek arkaly ýag kislotalaryny döretmek üçin organiki maddalaryň esasy düzüm bölekleri bolan uglerodyň we wodorodyň ulanylmagyna esaslanýar. Çig mal hökmünde atmosferadan alnan adaty suw we kömürturşy gazy ulanylýar.

8. «Tapmaça 2» animasion filmi dünýäniň kassa ýygymynda haýran galdyryjy netijeleri gazanýar. Meşhur filmiň dowamy eýýäm 1,287 milliard dollar toplap, «Sowuk ýürek» filminiň birinji bölüminiň görkezijilerinden öňe geçdi. Bilermenleriň belleýşi ýaly, bu film eýýäm «Pixar» studiýasynyň iň üstünlikli taslamasyna öwrüldi. Öňümizdäki günlerde «Tapmaça 2» filminiň kassa ýygymynyň 1,3 milliard dollara ýetmegine garaşylýar, bu bolsa onuň kinematografyň taryhyndaky iň köp girdeji gazanan 20 filmiň hataryna girmegine mümkinçilik döreder.

Sport habarlary

9. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekili Maksatmyrat Daňatarowyň ýolbaşçylygyndaky topar «Ýüpek ýoly» ralli-marafonynyň sekizinji tapgyrynda T2 ýaryşlarynyň ýeňijisi boldy. Bu tapgyrda ikinji orunda hem türkmen topary geldi. Merdan Toýlyýewiň ýolbaşçylygyndaky topar pellahana öňdebaryjydan bary-ýogy 13 minut soň geldi. Üçünji orny bolsa russiýaly Andreý Suşensowyň topary (19 minut soň) eýeledi. «Ýüpek ýoly» rallisi 15-nji iýulda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde tamamlanar.

10. Türkmenistanyň kubogynyň 2024-nji ýyl üçin bijeleri çekildi. Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 9-sy: «Arkadag», «Altyn Asyr», «Ahal», «Aşgabat», «Şagadam», «Nebitçi», «Merw», «Energetik», «Köpetdag» gatnaşar. Bäsleşigiň geçiş tertibine laýyklykda, «Merw» bilen «Şagadam» toparlary deslapky tapgyrda güýç synanyşarlar. Bu oýnuň ýeňijisi çärýekfinalda «Altyn Asyr» bilen duşuşar. Deslapky tapgyryň duşuşyklary 11-nji hem-de 14-nji awgustda geçiriler. Türkmenistanyň kubogynyň häzirki eýesi «Arkadag» toparydyr. Geçen ýyl Wladimir Baýramowyň şägirtleri final oýnunda «Ahal» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň