Arslan Gurbanmämmedowiç Aşyrow, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Meýlis Baýrammyradowiç Rejepow bellenilip, ol Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Permanlara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
