Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri BSGG-niň Astanadaky okuwlaryna gatnaşýarlar

11:3312.07.2024
0
15624

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa bölüminiň Astana şäherinde geçirilen saglygy goraýyş guramalarynda üstünlikli dolandyryş başarnyklary boýunça okuwlaryna gatnaşýarlar.

Okuwa Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň sekiz ýurdundan jemgyýetçilik saglygy goraýyş wekilleri gatnaşýar diýip, HHM Gazagystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanyp habar berdi.

Saglygy goraýyş işgärleriniň ýolbaşçylyk ukybyny güýçlendirmeklige gönükdirilen okuw kursy BSGG-niň Ýewropa iş meýilnamasynyň 2020 — 2025-nji ýyllarynyň çäginde işlenip düzüldi.

Okuw meýilnamasy häzirki zaman şertlerinde jemgyýetiň saglygy bilen baglanyşykly ýüze çykýan kynçylyklara netijeli jogap bermäge mümkinçilik berýän dolandyryş we strategiki meýilleşdiriş endiklerini ösdürmäge gönükdirilen okuwlary we tejribe alyşmagy öz içine alýar.

Okuwlar 12-nji iýula çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň