Eýranyň öňki daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Aragçi täze Prezident Masud Pezeşkiýanyň hökümetinde daşary ýurt edarasynyň ýolbaşçysy bolsa gerek. Bu barada ýurduň «Tasnim» habarlar gullugyna salgylanýan TASS habar berdi diýip, «Report» ýazýar.
Saýlanan Prezidente golaý bolan çeşmeleriň habaryna görä, Pezeşkiýanyň syýasy geňeşçileri Aragçini ýurduň DIM-niň täze ýolbaşçysy wezipesine has laýyk diýip hasaplaýarlar. Aragçiniň häzir Pezeşkiýanyň daşary syýasat boýunça geňeşçiniň wezipesini ýerine ýetirýändigi habar berilýär.