Soňky habarlar

Arhiw

Pariž ― 2024-iň suwda ýüzmek boýunça ýaryşlaryna Türkmenistandan iki türgen gatnaşar

11:1309.07.2024
0
11006

26-njy iýuldan 11-nji awgusta çenli aralykda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan suwda ýüzüjileriň ikisi gatnaşar. Olar halkara derejeli sport ussady Musa Žalaýew bilen sport ussady Aýnura Primowadyr.

Bu türgenleriň ikisiniň hem halkara ýaryşlaryň birnäçesiniň medallaryna mynasyp bolandygyny nygtamak gerek. Ýakynda bolsa Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Suw sport toplumynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda olar altyn medallaryň birnäçesini gazandylar. Musa Žalaýew 200 we 800 metr aralyklarda erkin, 100 metr aralyga bolsa batterflýaý usulda ýüzmekde hemmelerden rüstem gelen bolsa, Aýnura erkin ýüzüşiň 50 we 100 metr, arkanlygyna ýüzüşiň bolsa 100 we 200 metr aralyklarynda ýurdumyzyň çempiony boldy.

Şu günler türkmen türgenleri Olimpiýa oýunlaryna milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Dmitriý Nowikowyň ýolbaşçylygynda taýýarlyk görýärler. Milli ýygyndy häzirki wagtda Gruziýada 10-njy iýuna çenli dowam etjek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär.

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 21 ýaşly talyby Musa Žalaýew suwda ýüzmegiň birnäçe görnüşi boýunça Türkmenistanyň rekordlarynyň eýesidir. Has takygy, ol 100 we 800 metr aralyklara erkin, 50 metr aralyga bolsa batterflýaý usulda ýüzmekde ýurdumyzyň rekordlaryny öz elinde saklaýar. Musa Tomusky Olimpiýa oýunlarynda 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça ýaryşyň saýlama tapgyryna gatnaşar.

17 ýaşly Aýnura Primowa bolsa Olimpiýa oýunlarynyň suwda ýüzmek boýunça geçiriljek ýaryşlarynyň iň ýaş gatnaşyjylarynyň biri bolar. Geçen ýyl ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda milli rekordlaryň üçüsini täzelän Aýnura Oýunlaryň arkanlygyna ýüzmek boýunça ýaryşlaryna gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň