Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýapon işewürligi ýurduň garraýan ilatyna uýgunlaşýar

17:5008.07.2024
0
8064
Ýapon işewürligi ýurduň garraýan ilatyna uýgunlaşýar
Surat:zakon.kz

Ýaponiýanyň iri kompaniýalary ýurduň barha gartaşýan ilatyna uýgunlaşmaga mejbur bolýarlar diýip, «24KZ» habar berýär.

Gartaşan adamlaryň sanynyň artmagy sarp ediş bazaryny özgerdýär. Mysal üçin, durmuş tehnikasyny öndüriji iri kompaniýalaryň öndürýän çäýnekleri indi öz hakyky eýeleriniň elektron poçtalaryna ulanylýan wagty habarnama iberýärler. «Panasonic» korporasiýasy hem garrylaryň durmuşyny ep-esli ýeňilleşdirjek täze önümleriň üstünde işleýändigini habar berdi.
Ýaponiýada çaga dogumynyň görkezijisi iň pes derejä düşdi. 2023-nji ýylda ol ýerde 700 müňden sähel köp çaga dünýä indi. Görkeziji eýýäm sekiz ýyldyr, yzygiderli pes gaçýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň