Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň we Hytaýyň liderleri ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada beýannama kabul etdiler

10:3706.07.2024
0
6652
Täjigistanyň we Hytaýyň liderleri ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada beýannama kabul etdiler
Surat: report.az

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Duşenbe şäherinde ikiçäk we giňişleýin düzümde geçen gepleşikleriň jemleri boýunça ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada Bilelikdäki beýannama kabul etdiler. Bu barada TASS habar berdi.

HHR-iň lideri Duşenbä Prezident Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça döwlet sapary bilen bardy.

HHR-iň Başlygy Täjigistanyň Prezidentini öz ýurdunyň döwlet sylagy – Dostluk ordeni bilen sylaglady diýip, «MIR 24» habar berýär. Sylag gowşurylyş dabarasy iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gepleşikleriniň geçen ýeri bolan Millet Köşgünde boldy.

Si Szinpiniň Täjigistana sapary şu gün – 6-njy iýulda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň