Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler we Magtymgulynyň heýkeli açylar

10:3406.07.2024
0
13352

Wenger tarapynyň çakylygy boýunça, şu ýylyň 7 --- 11-nji awgustynda Türkmenistanyň wekiliýeti Wengriýada geçiriljek «Kurultaý» medeni çäresine gatnaşar. Şol saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günlerini we wenger tarapyndan taýýarlanan Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyşy bilen bagly dabaraly çäreleri guramak teklip edilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 5-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistanyň Gündogar Ýewropanyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda beýan edilişi ýaly, Türkmenistan bilen Wengriýany dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ilki bilen, ýokary derejedäki özara saparlary bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban 2023-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistana saparyny amala aşyrdy. Geçen ýylyň awgust aýynda bolsa Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýa sapary boldy.

Gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 18-nji iýunynda Budapeşt şäherinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Wengriýanyň Milli Assambleýasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy guraldy.

Netijeli türkmen-wenger dialogyny pugtalandyrmak maksady bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň altynjy mejlisini 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda geçirmek teklip edilýär.

Wenger tarapy «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda bu ýurduň meşhur şahyry Şandor Petefiniň heýkeliniň oturdylandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Bilim ulgamynda özara gatnaşyklar bilen baglylykda, «Stipendium Hungarikum» maksatnamasynyň çäklerinde geljekki hyzmatdaşygyň mümkinçiliklerine garaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty esasynda dünýä ýurtlary, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň zerur ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde hem berkitmek boýunça zerur işleri geçirmegi dowam etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň