Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Amerikanyň kubogynyň çärýekfinalynda Ekwadory esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda 11 metrlik jerime urgulary bilen 4:2 hasabynda ýeňip, ýarymfinala çykdy.
Duşuşygyň 35-nji minudynda Messiniň meýdanyň burçundan oýna girizen topuny Aleks MakAllister derwezä girizdi. Ekwadoryň kapitany Enner Walensiýa bolsa 62-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi. Ýöne 90+1-nji minutda Kewin Rodriges Ekwadoryň adyna hasaby deňledi.
Duşuşygyň goşmaça ýarym sagatlyk wagtynda-da hasap açylmansoň, onuň ykbaly 11 metrlik jerime urgulary bilen çözüldi. Bu ugrularda bolsa Argentina ýokarda görkezilen hasap bilen ýeňiş gazandy.
Argentinanyň ýarymfinaldaky garşydaşy Wenesuella ― Kanada duşuşygynyň ýeňijisi bolar.