Top.Mail.Ru

Baş prokurora jenaýatyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri güýçlendirmek tabşyryldy

11:0504.07.2024
0
7825

Ozal habar berşimiz ýaly, 3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurtda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek üçin durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, durmuş häsiýetli meseleleri çözmek baradaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, raýatlaryň hukuklarynyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goragynda duran döwlet edarasy hökmünde prokuraturanyň ähmiýetini belledi. Şunda ähli pudaklarda kanunlaryň we hukuk namalarynyň takyk ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Baş prokurora jenaýatyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri, şol sanda bu ugurdaky wagyz-nesihat işlerini has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň