Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Deputat saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy

12:2727.06.2024
0
11929

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 27-nji iýunyndan başlap, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» okruglary boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, agzalan Kodekse laýyklykda, saýlaw gününden 10 gün öň ses bermek mümkinçiligi saýlaw hukugyna eýe bolan, 7-nji iýuldaky saýlaw güni ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän, gulluk iş saparyna ýa-da zähmet dynç alşyna gidýän, şeýle hem käbir sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip bilmeýän raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr.

Şu günler saýlaw uçastok toparlarynyň netijeli işleri alyp barýandygyny bellemek gerek. Olaryň düzümine zähmetkeş toparlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň has mynasyp wekilleri girýär. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH-a habar berlişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda guraldy.

Üç okrugda saýlaw uçastoklarynyň 60-sy doly taýýar edildi. Olar kabinalar we birmeňzeş nusgadaky ses bermek üçin gutular, degişli tehniki enjamlar, saýlawlar boýunça maglumat materiallary, usuly edebiýatlar, kadalaşdyryjy resminamalar we beýleki materiallar bilen üpjün edildi. Möhletinden öň ses bermek saýlaw uçastoklarynda sagat 8:00-dan 18:00-a çenli geçiriler.

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan bellenen milli synçylaryň 76-sy saýlawlara gözegçiligi amala aşyrar. Olaryň ählisine ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dalaşgärler bilen duşuşyklara, saýlawlaryň öň ýanynda, şeýle hem saýlaw güni saýlaw uçastoklaryna baryp görmek mümkinçiligi döredildi. Bu bolsa, öz gezeginde, saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk ýagdaýynda, giň demokratik esasda geçirilmegine oňyn täsirini ýetirer. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda dalaşgärler bilen duşuşyklar dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň