Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde diplomatik işini tamamlaýan ABŞ-nyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

16:4226.06.2024
0
6679

Şu gün, 26-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Klimou bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere garaldy.

Raşid Meredow ikitaraplaýyn türkmen-amerikan gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin ilçä sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde ilçi Türkmenistanda diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berilen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň