Özüniň kindiwanja smartfonlary bilen tanalýan «Unihertz» kompaniýasy Jelly tapgyryndaky täze Jelly Max gajeti bilen tanyşdyrdy. Ol dünýäde 5G ulgamyny goldanýan iň kiçijik smartfon bolar diýip, «GizmoChina» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.
Resmi jikme-jiklikleriň gizlin saklanýandygyna garamazdan, «Unihertz» täze smartfonyň tizerlerini çap etdi, onda enjamyň häzirki zaman displeýli hem-de frontal kameralydygy beýan edilýär. Şeýle hem telefon OLED-matrisa ulgamly barmak yzlarynyň skaneri bilen üpjün edilendir.
Jelly Max telefonynyň diagonaly heniz belli däl, emma tizer-şekillerden çen tutsaň, ol 4-5 dýuým aralygynda bolar diýlip çaklanýar.