Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Medeniýet hepdeliginiň 3-nji gününde maslahat, konsert we “Magtymguly” atly opera spektaklynyň görkezilişi boldy

07:5925.06.2024
0
4905

Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Döredijilik forumynyň üçünji güni «Arkadag arşa göterdi Pyragynyň sarpasyny» atly maslahat bilen badalga aldy. Ol Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Çärä gatnaşyjylar — medeniýet we bilim ulgamlarynyň işgärleri, kitaphanaçylar, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler ruhy mirasy gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek, medeni-bilim işlerini döwrebap derejede guramak meseleleri barada gürrüň etdiler.

Forumyň barşynda halkara ylmy hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna, ýurtda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere, adamzadyň ruhy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegini düzýän türkmen halkynyň medeni mirasyny wagyz etmäge aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, beýik ynsanperwer şahyr Magtymguly Pyragynyň eserleriniň terjime edilmeginiň ähmiýeti barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Maslahatyň dowamynda şahyryň meşhur goşgulary okaldy.

Çykyşlarda ömrüni hiç haçan gymmatyny ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklaryna hyzmat etmäge bagyş eden Magtymguly Pyragynyň dünýäniň ruhy we aň-paýhas ösüşindäki iň görnükli şahsyýetleriň biridigi bellenildi. Ýygnananlar dünýä halklarynyň çeper pikirlenişiniň ösüşine uly täsirini ýetiren görnükli nusgawy şahyryň döredijiliginiň ähmiýetiniň milli çäklerden çykyp, has çuňňur, hemmetaraplaýyn öwrenmegi talap edýändigine ünsi çekdiler.

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak babatda hemmetaraplaýyn aladalary üçin Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hoşallyk bildirip, maslahata gatnaşyjylar öňde goýlan wezipeleri çözmekde ähli tagallalaryny, bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirilen, ýurduň sazçylyk we sungat ugurly orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň bilelikdäki konserti baýramçylyk çärelerine özboluşly öwüşgin çaýdy. Birleşen orkestr toparynyň ýerine ýetirmeginde täze taryhy döwürde türkmen halkynyň medeni mirasyna bagyşlanan “Kerwen” atly saz ýaňlandy. Umuman, dünýäniň we milli nusgawy sazlarynyň hazynasyndan sazlaşykly ýerine ýetirilen çykyşlar diňleýjilerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Arkadagly Gahryman Serdarymyz” atly ruhubelent aýdym dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Medeniýet hepdeliginiň 3-nji gününiň baýramçylyk çäreleri Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Magtymguly” atly opera spektaklynyň görkezilmegi bilen tamamlandy. Bu sahna eseri ýerine ýetirilen keşpleriň aýdyňlygyny, sazlaryň, lybaslaryň gözelliginiň sazlaşygyny özünde jemledi. Şahyryň gymmatly mirasynyň many-mazmuny opera eserine aýratyn öwüşgin çaýan gaýtalanmajak bezeglerde-de aýdyň beýanyny tapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň