Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachlan Galkynysh»: «Rowachpack» polipropilen gaplaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlardan isleg artýar

10:5024.06.2024
0
8499

«Rowachlan Galkynysh» kompaniýasy özüniň «Rowachpack» polipropilen gaplaýyş önümlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlardan islegiň artýandygyny belleýär.

Kompaniýanyň wekiliniň pikiriçe, gyzyklanmanyň artmagy gaplaryň ýokary hili, elýeterli bahasy we gysga möhletde ýerlenilmegi bilen baglanyşyklydyr.

«Rowachlan Galkynysh» polipropilenden haltalaryň we big begleriň 30-a golaý görnüşini öndürýär.

Kompaniýa adaty haltalary, torbalary we dürli ululykdaky big begleri, şeýle hem her bir müşderiniň aýratyn zerurlyklaryny göz öňünde tutup, ýörite sargytlar boýunça gaplary öndürýär.

2024-nji ýylda kompaniýanyň şeker üçin niýetlenen täze görnüşli haltalary we big begleri öndürip başlandygyny ýatladýarys.

«Rowachpack» haryt nyşanly ähli önümler TNGIZT-de öndürilen diňe gaýtadan işlenmdik çig maldan taýýarlanýar. Şeýle haltalar ýokary berkligi we gorag aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • telefonlar: (+993 62) 29 29 69, (+993 12) 29 29 69;
  • elektron poçta: rowachpack@gmail.com;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň