Hilli «Rowachpack» gaplary — harydyňyzyň ygtybarly goragy

11:1420.05.2024
0
12662

«Rowachlan Galkynysh» HK — polipropilenden dürli hili gaplary öndürmek bilen meşgullanýar. «Rowachlan Galkynysh» kärhanasyndan önüm sargyt etmek bilen, müşderiler ýokary hilli gaplary hem-de harytlar üçin amatly bahalary alýarlar.

Kärhana polipropilenden taýýarlanylan «Rowachpack» haryt nyşanly big-beg gaplaryny, «ýeňleri», azyk harytlary üçin haltalary hödürleýär.

«Rowachpack» gaplarynyň polipropilenden ýasalýan ýönekeý, amatly hem elýeterli gaplama materialy birnäçe artykmaçlyga eýedir.

Polipropilen ýokary dartyşa we ýuwulmak şertine çydamlylygy bilen häsiýetlendirilýär. Munuň özi daşalýan we saklanylýan önümleriň iň kyn şertlerde hem howpsuz bolmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da, polipropilen gaplamasy daşalýan zatlary çyglylykdan, tozandan we beýleki daşarky faktorlardan ygtybarly goramagy üpjün edýär.

Polipropilenden öndürilen gaplama önümleri himiki maddalaryň köpüsi bilen täsirleşmeýär, bu hem onuň iýmit, kosmetika, hojalyk himiki serişdelerini we beýleki önümleri gaplamak üçin amatly materialdygyna şaýatlyk edýär.

«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69.

Elektron poçta salgysy: rowachpack@gmail.com. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň