Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Meksikada 155 adam adatdan daşary yssy howanyň pidasy boldy

10:2422.06.2024
0
9138

Meksikada adatdan daşary howa temperaturasynyň pidalarynyň sany 155 adama deň boldy. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.

Yssy howanyň pidalarynyň, esasan hem, ýurduň Meksika aýlagynyň kenaryndaky Werakrus ştatynda hasaba alnandygy, ol ýerde 56 adamyň heläk bolandygy aýdylýar. Ondan soň 18 adam pida bolan Tabasko ştaty gelýär.

Meksikanyň Saglygy goraýyş ministrligi golaý günlerde ýurtda çakdanaşa yssy howanyň saklanjakdygyny çaklaýar. Ştatlaryň käbirinde termometriň sütünjigi 45 gradusdan hem ýokary temperaturany görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň