Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Niderlandlar we Angliýa futbol boýunça Ýewropa çempionatyna ýeňiş bilen başlady

10:5017.06.2024
0
6881

Niderlandlaryň futbol boýunça milli ýygyndysy Polşany 2:1 hasabynda ýeňip, Ýewropa çempionatyna üstünlikli girişdi. «D» toparçanyň çägindäki bu duşuşyk Gamburg şäherinde geçirildi.

Bu toparça Awstriýa bilen Fransiýa hem wekilçilik edýär. Iki ýygyndy 17-nji iýunda duşuşarlar. Ikinji tapgryda bolsa Niderlandlar Fransiýa bilen, Polşa bolsa Awstriýa bilen güýç synanyşar. Bu duşuşyklaryň ikisi hem 21-nji iýunda geçiriler.

Şeýle hem Angliýa Serbiýadan 1:0 hasabynda üstün çykdy. «C» toparçanyň beýleki bir duşuşygynda bolsa Daniýa bilen Sloweiniýa 1:1 hasabyndaky deňlik bilen oýnady. 20-nji iýun güni Angliýa Daniýa bilen, Serbiýa bolsa Sloweniýa bilen duşuşar.

Angliýanyň ýygyndysynyň geçen Ýewropa çempionatynyň finalçysydygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň