Ispaniýa we Italiýa Ýewropa çempionatyna ýeňiş bilen başlady

11:1916.06.2024
0
10816

Ispaniýanyň we Italiýanyň milli ýygyndylary Ýewropanyň futbol çempionatyna ýeňiş bilen girişdiler.

Italiýa ilkinji duşuşykda Albaniýadan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Ispaniýa bolsa tutuş ýaryşyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri hasaplanylýan Horwatiýany 3:0 hasabynda ýeňdi.

Häzirki wagtda «B» toparçada Ispaniýa bilen Italiýada 3 utuk bar. Ikinji tapgyrda bu iki ýygyndy 20-nji iýun güni biri-biri bilen duşuşar. 19-njy iýunda bolsa Horwatiýa Albaniýa bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň