Ekwadoryň ýitip barýan tokaýlarynda ylma nämälim bolan ösümlik tapyldy

12:0015.06.2024
0
11837
Ekwadoryň ýitip barýan tokaýlarynda ylma nämälim bolan ösümlik tapyldy
Surat: mir24.tv

Ekwadorda And daglarynyň günbatar eňňitlerinde alymlar ylma nämälim bolan ösümligi tapdylar. Ol öň baý biodürlülik bilen tanalan, emma soňky ýyllarda tokaýlaryň güýçli çapylmagyndan ejir çeken sebitde tapyldy diýip, «MIR 24» habar berýär.

Ekwadorly we halkara alymlar topary ylmy sapar wagtynda Sentinela ülkesindäki tokaýlaryň galyndylaryny öwrendiler. Ol ilaty 300 müň adamdan geçýän Santo-Domingo şäherinden 30 kilometrlikde ýerleşýär.

Tokaýyň her bir bölegi giň oba hojalyk meýdanlary bilen gurşalan ýabany tebigatyň adajygyny ýadyňa salýar. Öňki barlaglar adamyň işi netijesinde Ekwadoryň günbataryndaky tropiki tokaýlaryň 70-97 göteriminiň ýok edilendigini görkezdi.

Alymlaryň açan ösümligini ýitip ýok bolmak howpy abanýan görnüş hökmünde yglan etdiler. Ol beýikligi 5 santimetr bolan, ak gülli we ýiti uçly ýaprakly ösümlik bolup, «Amalophyllon miraculum» diýip, at berdiler.

Häzirki wagtda selçeň sentinel tokaýlaryny halas etmek üçin çäreler görülýär. Mysal üçin, guramalaryň biri ýer eýelerine tokaýlary gorap saklamak üçin döwletiň maliýe kömegini almakda kömek edýär diýip, «Eurek Alert» neşiri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň