Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýygyndysy Dalýan şäherinde geçirilen ýaryşda Braziliýanyň we Meksikanyň toparlaryny utdy

16:1014.06.2024
0
17320

Türkmenistanyň 2007 ― 2008-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerden ybarat futbol ýygyndysy Hytaý Halk Respublikasynyň Dalýan şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Dünýä kubogyna gatnaşdy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.

Bu ýaryşa 33 döwletden 56 topar gatnaşdy. Türkmenistanly mekdep okuwçylary Braziliýanyň, Meksikanyň, Germaniýanyň we Ugandanyň toparlary bilen bir toparçada ýaryşdylar.

Ýaryşda Baýramdurdy Meredowyň we Eziz Annamuhammedowyň şägirtleri Braziliýadan gatnaşan topary 3:0, meksikalylary bolsa 2:0 hasabynda ýeňip, eýýäm ilkinji duşuşyklaryndan uly seslenme döretmegi başardylar. Bu duşuşyklarda gollary Muhammedaly Durdyýew, Timur Jalilow, Orazguly Orazgulyýew (iki gezek) we Berdimyrat Daňatarow dagylar geçirdi. Duşuşyklarda derwezeçi Dawut Dawudow we hüjümçiler Omar Datdow, Begenç Wepalyýew dagylar hem diýseň gowy oýun görkezdiler. Gynansagam, futbolçylarymyz Germaniýanyň we Ugandanyň toparlaryndan ýeňlip, ýaryşyň indiki tapgyryna çykyp bilmediler.

Halkara ýaryşyň açylyş duşuşygynda ýakynda karýerasyny ýapan halkara derejeli emin Çarymyrat Gurbanow baş emin bolup işledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň