Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýun Sok Ýola we onuň maşgalasyna türkmen alabaýynyň güjügi sowgat berildi

19:2711.06.2024
0
12445

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäginde Türkmen-koreý işewürlik forumy geçirildi. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň duşuşy

Bilelikdäki forumyň çäklerinde iki ýurduň önümleriniň sergisi guraldy. Sergide türkmen milli gymmatlyklaryna-da aýratyn orun berildi.

Şeýle-de şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy, birinji hanym Kim Kun Hini türkmen milli el işleri bilen tanyşdyrdy. «Yonhap» koreý elektron neşirinde beýan edilişi ýaly, belent mertebeli myhmana türkmen halylary, dürli görnüşli nagyşlar bilen bezelen milli geýimler görkezildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlugyň we belent sarpanyň nyşany hökmünde Koreýa Respublikasynyň Prezidentine we onuň maşgalasyna türkmen alabaýynyň güjügini sowgat berdi. Belent mertebeli myhmanlar şeýle ýakymly wakanyň Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyna bildirýän aýratyn hormatynyň we hoşniýetli dostlugynyň nyşanydygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň