Top.Mail.Ru

Balkanabat şäherinde «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi

09:3411.06.2024
0
6198

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda guralan «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşigiň dowamynda welaýatyň şäherleridir etraplarynda deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan ýaş bagşy-sazandalaryň çeper döredijilik ussatlygy gözden geçirildi.

Şeýlelikde, bäsleşige gatnaşan 18 — 35 ýaş aralygyndaky bagşy-sazandalar onuň şertlerine laýyklykda, iki bagşy we iki sazanda ýeňijiler diýlip yglan edildi. Has takygy, ýaş bagşylardan Balkan welaýatyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Nurberdi Gulow (Türkmenistanyň halk bagşysy Nurberdi Gulowyň at dakylan çowlugy-awtor), Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Sahydursun Mätiýewa, sazandalardan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Öwezgeldi Gutlyýew, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Dawut Gulbaýew dagy ýeňiji boldular.

Olar «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Aşgabatda geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň