Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Cargolux» Türkmenistana amala aşyrýan gatnawlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär

12:5606.06.2024
1
13167

Lýuksemburgyň «Cargolux» ýük awiakompaniýasy Türkmenistana amala aşyrýan gatnawlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Bu barada «Cargolux» ýük awiakompaniýasynyň wise-prezidenti Maksim Ştraus bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolbaşçylarynyň arasyndaky duşuşykda durlup geçildi.

Mundan başga-da, duşuşykda Lýuksemburg kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen okuw merkezlerinde işgärleri taýýarlamak ugrundaky hyzmatdaşlyk barada hem pikir alşyldy.

Ýeri gelende bellesek, «Cargolux Airlines International S.A.» ýük daşamalary bilen meşgullanýan dünýädäki iň uly awiakompaniýalaryň biridir.

«Cargolux» Ýewropanyň awikompaniýalarynyň birleşiginiň (AEA) we Halkara howa ulaglary birleşiginiň (IATA) agzasydyr. Kompaniýa abraýly «Air Cargo News» žurnalynyň okyjylary tarapyndan bassyr dört ýyllap «Iň oňat ýük awiakompaniýasy» diýlip ykrar edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň