Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Makdonals» kazyýetde «Big Mac» gamburgerlerine hukugyny ýitirdi

10:1106.06.2024
0
7614
«Makdonals» kazyýetde «Big Mac» gamburgerlerine hukugyny ýitirdi
Surat: ria.ru

«McDonald’s» kompaniýasy Ýewropa Bileleşiginde «Big Mak» towuk gamburgerleriniň söwda ýarlygyna bolan hukugy babatda kazyýet seljerişliginde utuldy we oňa hukugyny ýitirdi diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar.

«ÝB-niň Lýuksemburgdaky kazyýeti McDonald's özüniň towuk etinden edilýän önümlere bolan hukugyny tassyklaýan subutnamalaryny getirip bilmedi diýen höküm çykardy» diýlip, habarda bellenýär.

Ýewropa Bileleşiginde iki sany towuk kotletinden ybarat bolan burger aýratyn tagam hasaplanýar. Bu tagam ABŞ-da we Beýik Britaniýada ýörgünlidir. Kazynyň pikiriçe, kompaniýa ýörite «Big Maga» degişli bolan haryt nyşanyny ulanmagyň derejesini anyklap bilmedi. Ýöne oňa sygyr etinden edilen gamburger degişli diýlen çözgüt çykardy.

«Big Mac» haryt belgisine hukuk üçin kazyýet işi «McDonald's» bilen «Supermac's» irland tiz tagam zynjyrynyň arasynda 2019-njy ýylda başlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň