Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Erkek kişi burny bilen çalt harp ýazmakda rekord goýdy

16:2504.06.2024
0
9603

Hindistanly erkek kişi burny bilen klawiaturada çalt hat ýazmakda dünýä rekordyny goýdy diýip, UPI neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Winod Kumar Çoudhari diýen 44 ýaşly erkek kişi kompýuteriň düwmelerinde tutuş iňlis elipbiýini 25 sekuntda ýazyp, özüniň öň goýan rekordyny 1 sekunt tapawut bilen täzeledi.

«Meniň kärim kompýuterde hat ýazmak bilen bagly bolansoň, şeýle rekord goýmak kararyna geldim» diýip, Çoudhari gürrüň berýär.

Winod türgenleşmegini dowam edip, netijesini has-da gowulandyrjakdygyny aýtdy. Onsoňam maşgalasy Winodyň üstünligine guwanýar hem-de onuň öz zehini bilen dünýäni ýene-de aňk etjekdigine ynanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň