Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Müsürde çöregi 300 göterim gymmatlatmakçy bolýarlar

10:4131.05.2024
0
9216

Müsüriň hökümeti 1-nji iýundan başlap, ýurtda esasy iýmit bolan çöregiň bahasyny 300 göterim gymmatladar. Bu barada Müsüriň Hökümet başlygy Mustafa Madbuli habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Müsürde çörek önümçiligi döwlet tarapyndan goldanýar. Onuň biriniň bahasy 5 piastra deň, indi tomsuň başyndan ony 20 piastra satyn alyp bolýar.

Hökümet başlygy döwletiň bir çörek öndürmäge çykdajylarynyň 125 piastra deňdigini habar berdi. Ol şeýle-de hökümetiň «döwletiň çörek önümçiliginde çekýän ýüküni azaltmak üçin ýollary gözleýändigini» sözüniň üstüne goşdy.

Häzirki wagtda Müsürde döwlet tarapyndan ýeňilleşdirilen nyrhdan ýylda 100 milliard çörek satylýar. Döwletiň bu ugurda goldawyndan 70 million adam, ýagny ilatyň 65 göterime golaýy peýdalanýar diýip, «Al-Ahram» gazeti ýazýar.

Öň Türkiýe, Bangladeş, Alžir we Pakistan bilen bilelikde, Müsüriň Russiýadan bugdaýy iň köp satyn alýan ýurtlaryň bäşligine girýändigi habar berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň