Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň topardaşy bäş tälimçisini çalyşdy

12:0330.05.2024
0
13003

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyryndaky topardaşy bolan Gonkongyň milli ýygyndysy iýun aýyndaky duşuşyklaryň öňüsyrasynda baş tälimçisini çalyşdy. Topara ozalky tälimçi Ýorn Andersonyň ornuna 44 ýaşly awstriýaly hünärmen Wolfgang Luisser tälim berer. Gonkongyň ýygyndysy 54 ýyldan soňra Aziýa kubogynyň final tapgyryna çykaran ozalky tälimçi bolsa işden boşadyldy.

Luissere iýun aýynda Eýranyň we Türkmenistanyň milli ýygyndylary bilen boljak duşuşyklarda kanagatlanarly çykyş etmek wezipesi goýuldy.

Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna türkmen ýygyndysynyň Türkiýäniň Antalýa şäherinde taýýarlanýandygyny ýatladýarys. Bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 4-nji iýuna çenli dowam eder. Şol gün milli ýygyndy 6-njy iýunda boljak duşuşyk üçin Özbegistana barar.

Türkmenistan ― Gonkong duşuşygy 11-nji iýun güni Aşgabat şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň