Top.Mail.Ru

Surhanderýada iki müň ýyl ýaşy bolan şäheriň galyndylary tapyldy

11:1130.05.2024
0
8373
Surhanderýada iki müň ýyl ýaşy bolan şäheriň galyndylary tapyldy
Surat: kun.uz

Özbek-hytaý arheologlarynyň bilelikdäki gözleg işleri netijesinde Özbegistanyň Surhanderýa welaýatynyň Uzun etrabynda 4 müň ýyl ýaşy bolan mazarlardyr iki müň ýyl ýaşly şäher yzlary tapyldy. Bu barada «Kun.uz» saýty habar berdi.

Bu ýerde ele salnan tapyndylaryň arasynda keramiki gap-gaçlar, ýarag, bezeg şaý-sepleri, heýkeljikler, şäher diňleriniň galyndylary we gadymy mazarlar bar.

Alymlaryň deslapky çaklamalaryna görä, bu arheologiki tapyndylar Kan, Kuşan we Ýueçži (massagetler) döwürlerine degişli bolup, biziň eýýamyzdan öňki II asyr- biziň eýýamymyzyň III asyry bilen senelenýär.

Häzirki wagtda özbek-hytaý arheologlar topary çäkde gözleg-barlag işlerini dowam etdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň