Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«NY Post»: Tramp kazyýet çykdajylary sebäpli uçaryny satdy

10:2330.05.2024
0
7076
 «NY Post»: Tramp kazyýet çykdajylary sebäpli uçaryny satdy
Surat: rambler.ru

Amerikanyň öňki Prezidenti Donald Tramp kazyýetdäki ýokary çykdajylary sebäpli özüniň şahsy uçarlarynyň birini satdy diýip, «New York Post» gazetine salgylanýan TASS habar berdi.

Gürrüň Trampyň Cessna Citation X kysymly uçary barada barýar. 10 million dollar bahalanýan bu uçary eýran asylly gurluşykçy işewür we Trampyň saýlawlaryny maliýe taýdan goldaýan Merdad Moaýedi satyn aldy.

Tramp häzirki wagtda birgiden jenaýatlarda aýyplanyp, kazyýet seljerişliklerine gatnaşýar. Öň «Bloomberg» neşiri onuň serişdeleriniň ýetmezçiligi bilen bagly aklawçylaryna hak tölemekde kynçylyk çekmeginiň mümkindigini habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň