Türkmenistan bilen Kataryň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

15:2728.05.2024
0
21258

Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň degişli ýolbaşçylary bilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Al-Remaihi Ghanem Abdulla arasynda geçirilen duşuşykda ýakyn geljekde Türkmenistanyň we Kataryň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.

Gepleşiklerde göni we üstaşyr gatnawlary ýola goýmak mümkinçiligine aýratyn üns berildi. Hususan-da, Türkmenistanda «Qatar Airways» awiakompaniýasynyň ýerine ýetirýän howa gatnawlary, olaryň nyrhlary, hyzmatlary barada mahabatlandyryş işlerini geçirmegiň ýola goýulmagy teklip edildi.

Mundan başga-da, «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat ― Doha ― Aşgabat aralygynda göni ýolagçy gatnawynyň ýola goýlan ýagdaýynda Kataryň halkara howa menzilleri tarapyndan ýeňillikleriň berilmegi we bu gatnawda üstaşyr ýolagçylaryň sanyny artdyrmak boýunça bilelikde işleri geçirmek barada hem teklipler berildi.

Şol bir wagtyň özünde Katar döwletine gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň onlaýn wiza hyzmatyndan hem peýdalanyp biljekdikleri mälim edildi.

Umuman aýdylanda, geçirilen gepleşikler Türkmenistanda raýat awiasiýasyny ösdürmek hem-de halkara gatnawlarynyň sanyny artdyrmak boýunça işleriň yzygiderli durmuşa geçiriljekdiginden habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň