Top.Mail.Ru

Özbek ýüklerini Türkmenbaşy porty arkaly Astrahana eltip bermek mümkinçiligi teklip edildi

15:1328.05.2024
0
10024

Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin we Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri Abdulla Aripow özbek ýüklerini Türkmenbaşy halkara portunyň üsti bilen Astrahan oblastynyň portlaryna ibermegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikler Russiýanyň wekiliýetiniň Daşkende saparynyň dowamynda geçirildi diýip, «Wirtualnaýa tamožnýa» neşiri Astrahan oblastynyň hökümetiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Taraplar Özbegistandan Russiýa harytlary ibermegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda olar Astrahana awtoulaglar arkaly iberilýär.

Babuşkin özbek kompaniýalaryna we telekeçilerine Özbegistandan Russiýa haryt getirmek üçin Astrahanyň üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmagy teklip etdi. Hususan-da, «Türkmenbaşy porty – Astrahan oblastynyň portlary» ugry boýunça «Demirgazyk – Günorta» geçelgesiniň deňiz bölegi arkaly Özbegistandan Russiýa haryt ibermek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň