Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna iberiler

05:2128.05.2024
0
10891

2024-nji ýylyň 10-njy iýuny – 9-njy iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin, Türkmenistandan 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň