Soňky habarlar

Arhiw

Iýun aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler?

10:4027.05.2024
0
21514

Prezident Serdar Berdimuhamedow 25-nji maýda sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Hasabatda bellenilişi ýaly, indiki aýda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Gurban baýramy mynasybetli dürli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary, şol sanda halkara ylmy-amaly maslahatlary, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.

Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik we zehin bäsleşikleri hem-de sport ýaryşlary guralar.

1-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň jemlerini jemlemek we ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem iýun aýynda Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynda Çagalaryň tennis festiwaly geçiriler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen bagly iýun aýynda geçiriljek esasy çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyryp, ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany wise-premýere Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň