Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Yupekchi» HJ Aşgabatda geçirilen halkara sergide täze we tanyş tagamlaryny hödürledi

15:5524.05.2024
0
15412

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara serginiň çäklerinde «Yupekchi» kompaniýasy öz diwarlygynda önümleriniň ähli görnüşlerini, şol sanda eýýäm bazara çykan täze önümini – BOLD «Mango-kokos» içgisini görkezýär. Bu täze önüm ekzotik tagamlary halaýanlaryň hökman ünsüni çeker.

«Yupekchi» kompaniýasynyň gazly içgileri we miwe şireleri türkmen bazarynda iň meşhur önümleriň biridir.

Ýokary hili we özüne çekiji tagamlary sebäpli «Yupekchi» HJ-niň önümlerine diňe Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da isleg bildirilýär. Kompaniýa GDA ýurtlaryna miwe şirelerini we gazlandyrylan içgileri eksport edýär, olaryň bu ýerlerde hem muşdaklary köpelýär.

«Yupekchi» HJ-niň önümleri bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde 24-25-nji maý aralygynda tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň